- zabyrdamak
- işlik1) Wazlap çalt hereket etmek, dazlap gitmek, örän çalasyn gitmek, zabyrdyly seslenmek.∙ Ýatan ala ganjyk ok ýaly zabyrdap geldi-de, ýabynyň guýrugyndan gabyr-gubur edip agyz saldy. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)∙ Agyr ýükli maşynlar zabyrdap geçýärdiler. (G. Kulyýew, Köpetdagyň Aňyrsynda)2) Göçme manyda Agzy-agzyna ýetmän gürlemek, örän çalt geplemek, agzynyň ýetişip bildiginden geplemek.∙ Zabyrdap gürrüň etmek.∙ Zabyrdap kitap okamak.
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.